Kompaniýanyň habarlary

Breadcrumbs

“Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Jebel şäherçesindäki täze önümhanasynda şu ýylyň ýanwar aýynda 600 tonna barabar baýlaşdyrylan kaolin taýýarlanyldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berdi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Balkan kän” müdirliginiň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Derýaplastik” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde döreden “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Jebel şäherçesinde ýerleşýän önümhanasynyň ýyllyk kuwwaty 20 müň tonna baýlaşdyrylan kaolini taýýarlamaga ukyplydyr.

“Geçen ýyl taýýarlan önümimiziň umumy möçberi 7 müň tonna golaýlady. Öndürýän önümimizi ýakyn geljekde daşarky bazarlara çykarmak ugrunda hem anyk işler alnyp barylýar” diýip, Nepes Rozykulyýew aýtdy.

Zerur bolan çig mal serişdesi Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa obasynyň golaýyndaky känden gazylyp alynýar. Häzirki wagtda “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň “Derýakeramika” haryt nyşanly santehniki önümleri öndürýän kärhanasy öz alyp barýan işlerinde baýlaşdyrylan kaolini giňden ulanýar.

Baýlaşdyrylan kaolin ak sementi, farfor gap-gaçlary, elektrotehniki izolýatorlary öndürmekde, kagyz, karton, rezin, kosmetika we parfýumeriýa önümlerini, boýaglary, arassaçylyk serişdelerini taýýarlamakda hem giňden peýdalanylýar.

ÝETEN ÜSTÜNLIKLERIMIZ HILIŇ TASSYKLANMAGY WE YNAMYŇ KEPILI

Önümlerimiziň ýokary hili we howpsuzlygy standartlaryna laýyk gelýändigine buýsanýarys.

Şahadatnamalarymyz biziň önümlerimiziň ygtybarlylygyna bolan ynamyňyz we hünär ussatlygymyza bolan höwesimiz.