DERÝAPLASTIK Türkmenistanda
Holding kompaniýasydyr.Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen ýokary hilli önümleri öndürmeklige maksatlanan hususy telekeçiligi goldamak maksady bilen alyp barýan syýasaty sebäpli “DERÝAPLASTIK” hojalyk jemgyýeti 2008-nji ýyldan bäri iň iri önümçilik desgalarynyň biri bolup, öňdebaryjy orny eýeläp, diňe bir içerki bazary gurluşyk materiallary bilen ornaşdyrman, eýsem dünýä bazaryny üpjün edýär.
Häzirki wagtda 2000-den gowrak görnüşli önüm öndürilýär, şolardan: dürli plastmassa önümleri (turbalar we armaturlar, asma potoloklar, penjireler, kornizler, öý harytlary), elektrik kabelleri, sanitariýa önümleri, elektrik-ýygnaýjylary, suw gyzdyryjylar we alýumin radiatorlary. Kompaniýa öz işini “Ýokary hilli önümçilik we ýokary hilli önümler” ýaly ýörelgelerden esaslaýar. Maksatly ädimleriň netijesinde kompaniýamyz diňe bir pudakda öňdebaryjy kompaniýa bolmak bilen çäklenmän, eýsem pudagyň öňdebaryjy eksportçysy hem boldy.
Döwrebap tehnologiýalar bilen enjam satyn alyp we Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy tenologiýalaryny ulanyp kompaniýa dünýä bazarynyň deňinde ýöreýär. Kompaniýanyň strategiýasy hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin ikitaraplaýyn peýdaly hyzmatdaşlyga gönükdirilendir. Önümleriň bahalary we hili Ýewropa bileleşiginiň döwlet bellige alyş şahadatnamasy bilen tassyklanandyr, bu bolsa kompaniýany dünýä bazarynda ynamly orun bilen üpjün etdi.
Satyn alyjylylaryň islegleriniň ýokary derejede kanagatlandyrmak üçin önümçiligi ösdürmek we giňeltmek, belent derejelere we ýokary hile ýetmek üçin ösen tehnologiýalaryň ähli usullaryny ulanmagy dowam etdirmekçi
